GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýokary okuw jaýlarynyň «GreenMetric» dünýä reýtinginde
26.09.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ekologiýa taýdan durnukly ýokary okuw mekdepleriniň «UI GreenMetric-2026» dünýä reýtinginde 758-nji orny eýeledi.

«UI GreenMetric-2026» reýtinginiň 17-nji neşirinde Türkmenistan 12 ýokary okuw mekdebi bilen wekilçilik etdi. Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda iň gowy netijäni — 273-nji orny — Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti gazandy. Ol mümkin bolan 10 müň baldan 7875 bal toplap, durnukly ösüş boýunça dünýäniň iň gowy 300 uniwersitetiniň hataryna girdi we abraýly «Altyn derejä» (Gold Category) eýe boldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden başga-da, reýtinge şu ýokary okuw mekdepleri girdi: S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti — 628-nji orun; Türkmen oba hojalyk instituty — 858-nji orun; Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti — 1026-njy orun; Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty — 1198-nji orun; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty — 1202-nji orun; Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy — 1215-nji orun; Türkmenistanyň Döwlet maliýe instituty — 1359-njy orun; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty — 1378-nji orun; Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk instituty — 1458-nji orun; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty — 1735-nji orun.