Aşgabatda 1-nji oktýabrda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow bu halkara çärä gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag ýüzlenmesini iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Döwlet Baştutany öz ýüzlenmesinde Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän bu çäräniň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we innowasion taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini nygtady. Forumyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, «ýaşyl» ykdysadyýeti we döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda netijeli çäre boljakdygy bellenildi.
Halkara forum daşary ýurtly maýadarlaryň, halkara maliýe-bank düzümleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet we hususy bölekleriniň arasynda işjeň gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik döredýär. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri, ykdysady kuwwaty we bäsleşige ukyply senagat-innowasion strategiýasy bilen ýakyndan tanşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti sebit ähmiýetli iri taslamalara, hususan-da Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Serhetabat — Hyrat ugry boýunça gaz geçirijisiniň hem-de energiýa we aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamalaryna aýratyn ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz ykdysady giňişlige üstünlikli goşulmak bilen bir hatarda, sanly maliýe tehnologiýalaryny we ýokary innowasiýalary ähli pudaklara ornaşdyrmaga hem-de maýa goýum syýasatyny yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlagynyň soňunda maýa goýum forumyna gatnaşyjylara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.







