Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 25-nji sentýabrda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda nebit önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Türkiýe Respublikasynyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP Z 30 G» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Owganystanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-180» we «SN-600» kysymly başlangyç ýaglaryny satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 435 662,76 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.







