GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňdebaryjy işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy
25.09.2026

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynyň maslahatlar zalynda 24-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda ýangyç-energetika toplumynyň işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça pudagyň önümçilikde ýokary netijeleri gazanan, köpýyllyk halal zähmeti bilen tapawutlanan hünärmenlerine döwlet sylaglaryny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Dabaranyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň yzygiderli ösdürilmegine, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna we hünärmenler üçin döredilýän mümkinçiliklere aýratyn üns berýändikleri üçin çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi.

Ýangyç-energetika toplumy Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrýan, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýän strategik ulgamlaryň biridir. Bu pudakda zähmet çekýän nebitçileriň, gazçylaryň, geologlaryň we beýleki hünärmenleriň ýokary hünär derejesi, tejribesi hem-de yhlasy ýurdumyzyň energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, önümçilik görkezijileriniň yzygiderli ýokarlanmagyna uly goşant goşýar.

Döwlet sylaglaryna mynasyp bolan işgärler öz zähmetlerine berlen ýokary baha üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, nebitgaz toplumynyň kuwwatyny artdyrmaga we täze üstünlikleri gazanmaga mundan beýläk-de ähli güýç-gaýratlaryny gönükdirjekdiklerini bellediler.

Dabaranyň baýramçylyk öwüşginini «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren täsirli aýdym-saz çykyşlary has-da artdyrdy.

Geçirilen dabaralar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüş ýolunda döredijilikli zähmetiň, hünär ussatlygynyň we Watana wepalylygyň ýokary derejede sarpalanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň işgärleri geljekde hem milli ykdysadyýetiň kuwwatyny pugtalandyrmak, energetika mümkinçiliklerini giňeltmek we täze sepgitlere ýetmek ugrunda netijeli zähmetlerini dowam etdirerler.