GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
25.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 24-nji sentýabrda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri (BAE) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Türkiýeli işewürler Türkmenistanyň telekeçilerinden nah ýüplügini satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 9 100 000 manada we 241 950 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.