GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabatda Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň depginli ösüşi bellenildi
22.09.2026

Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan resmi kabul edişlik geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, halkara guramalaryň wekilleri, şeýle-de ermeni diasporasynyň agzalary gatnaşdylar.

Ýygnananlara Ermenistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol Türkmenistan bilen özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara gyzyklanma ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Ýerewanyň daşary syýasy gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini nygtady.

Ilçiniň sözlerine görä, soňky ýyllarda ermeni-türkmen syýasy dialogy has-da işjeňleşdi: Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistana üç gezek sapar etdi — 2024-nji ýylyň oktýabrynda, şeýle hem 2025-nji ýylyň awgustynda hem-de dekabrynda. «Dekabr aýyndaky iş sapary wagtynda Prezident Waagn Haçaturýanyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar syýasy, ykdysady, bilim hem-de medeni hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, energetika hem-de aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem infrastrukturany ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar» diýip, Arsen Awagýan aýtdy. Diplomat şeýle hem 2025-nji ýylyň martynda hökümetara türkme-ermen toparynyň onunjy mejlisiniň geçirilendigini ýatlatdy. Onuň dowamynda söwda, energetika, ulag, oba hojalygy, syýahatçylyk, bilim hem-de medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öz gezeginde wise-premýer Guwanç Agajanow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň mähirli arzuwlaryny ýetirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasy bilen köpýyllyk dostlukly gatnaşyklary ähli taraplaýyn pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändiklerini belledi.

Guwanç Agajanow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň, şeýle hem abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara konstruktiw goldamagyň durnuklylygy üpjün etmäge hem-de sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge saldamly goşant goşýandygyna ünsi çekdi. Wise-premýer iki döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn depginini aýratyn belledi.

«Iki ýurduň Hökümetleri özara söwdany işjeňleşdirmäge, eksport-import harytlarynyň görnüşlerini giňeltmäge hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýärler. Haryt dolanyşygynyň oňyn depgini mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin uly kuwwatyň bardygyny görkezýär. Bu, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag, senagat, oba hojalyk hem-de ynsanperwer ulgamlaryna, şol sanda saglygy goraýyş, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlaryna degişlidir» diýip, Guwanç Agajanow belledi.