GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşdy
22.09.2026

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylaryndan we görnükli şahsyýetlerden gutlag hatlary gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gutlag hatlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk hem-de döwlet işinde täze üstünlikler arzuw edilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi, halkara abraýynyň ýokarlanmagy we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty aýratyn bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Oleg Kononenko hem-de Moskwanyň we Bütin Rusuň Patriarhy Kirill gutladylar.

Gutlaglarda Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň, ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ähmiýeti bellenildi.