Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 21–23-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahaty we sergisi dünýä energetika pudagynyň geljegini kesgitleýän möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljak esasy halkara meýdançalarynyň birine öwrüler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Türkmenistan baý tebigy gaz serişdeleri, iri energetika taslamalary we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary bilen bu dialogda möhüm orun eýeleýär. Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 forumynda Bangkok şäherinde 14–17-nji sentýabrda geçirilen Gastech 2026 halkara energetika forumynda gozgalan esasy ugurlar öz dowamyny tapar. Halkara energetika boýunça tanymal žurnalist we moderator Jon Defterios OGT 2026 forumynda esasy halkara moderatorlaryň biri hökmünde çykyş eder. Onuň belleýşi ýaly, Bangkokda başlanan energetika dialogy Aşgabatda öz dowamyny tapar.
Gastech 2026 forumynda energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygy, energiýanyň elýeterliligi, diwersifikasiýa, infrastrukturalary ösdürmek, tehnologik innowasiýalar we halkara maýa goýumlary ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çekişmeler dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň döwrebap infrastruktura, täze tehnologiýalara, maýa goýumlara we halkara hyzmatdaşlygyna baglydygyny görkezdi.
OGT 2026 halkara maslahatyna döwlet edaralarynyň, milli we halkara energetika kompaniýalarynyň, maýa goýujylaryň, maliýe institutlarynyň, tehnologiýa üpjün edijileriniň hem-de pudak hünärmenleriniň wekilleri gatnaşar. Maslahatyň gün tertibine gaz pudagynyň ösüşi, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyrlary, tebigy gazy we nebithimiýa önümlerini netijeli peýdalanmak, TAPI gaz geçirijisi, sebit energetika arabaglanyşygy, sanlylaşdyrma, emeli aň, metan zyňyndylaryny azaltmak we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly ugurlar girýär.
Türkmenistanyň energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak, eksport ugurlaryny giňeltmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alyp barýan işleri bu halkara dialogyň möhüm bölegidir.
Gastech 2026 forumyna 50 müňe golaý hünärmen we 1000 kompaniýa gatnaşdy. 150-den gowrak ýurduň wekilleri tebigy gaz we LNG pudagynyň geljegi, energetika infrastrukturalary, täze tehnologiýalar hem-de dünýä energetika ulgamynyň ösüş ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahaty energetika serişdeleri, hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berer.







