Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň nebithimiýa önümlerine ýokary isleg bildirildi.
Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni we umumy nebit koksyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Daşarky bazarda Owganystanyň, Özbegistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda çig kreton mata ýerlenildi.
Daşarky bazarda bolsa buýan köküniň goýy ekstraktyny, pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygyny, çig matany, şeýle hem nah ýüplügini we dokma önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Serbiýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) we Gyrgyzystan Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri satyn alyjylar boldular.







