Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine «Tejenkarbamid» zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý mirasyny, şöhratly taryhyny giňden wagyz etmek, ata-babalarymyzdan gelýän nusgalyk gymmatlyklary geljek nesillere ýetirmek boýunça ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işleri döwrebap guramak we kämilleşdirmek maksady bilen, 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň muzeý we muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek bellenildi.







