GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebithimiýa önümleri daşary ýurt bazarynda ýerlenildi
19.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 18-nji sentýabrynda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda ýurdumyzyň nebithimiýa önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Owganystanyň, Özbegistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Gyrgyzystan Respublikasynyň işewürleri türkmen telekeçilerinden nah ýüplügini satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 13 142 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy.