Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Özbegistanyň Prezidenti Arkadag şäherini nusgalyk innowasion şäher diýip atlandyrdy
19.11.2025

Daşkent şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde doganlyk ýurduň Baştutany Türkmenistanda halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň ygtybarly esasyny döredýän giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilişine haýran galýandygyny beýan etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenip: «Men her gezek doganlyk Türkmenistana baranymda, Siziň baştutanlygyňyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň şaýady bolýaryn» diýdi.

Şeýle hem Prezident Şawkat Mirziýoýew şu gün geçirilen gepleşikleriň dowamynda Arkadag şäheriniň hemmeler üçin nusgalyk bolup durýandygyny belläp geçendigini aýtdy.

Munuň bilen baglylykda, özbek Lideri Özbegistanyň degişli ýolbaşçylarynyň bu şäherde saparda bolanlarynda, şäheriň infrastrukturasynyň olarda ýakymly täsirleri galdyrandygyny we innowasion şäheri gurmakda doganlyk Türkmenistandan köp zatlary öwrenip boljakdygyna üns çekendigini aýtdy.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti