
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 11 sentýabrda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň dabaraly açylşynyň gatnaşyjylaryny tüýs ýürekden gutlady.
“Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, döwrebap şäherler, şäherçeler we obalar yzygiderli gurulýar. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde ýurdumyzda senagat, durmuş-medeni maksatly köp sanly iri desgalaryň, binalaryň, döwrebap şäherçeleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi bu şanly senäniň ähmiýetini has-da artdyrýar”, - diýip ýurdyň baştutany aýtdy.
“Bu gün Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly açylýan täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesi hem ýurdumyzyň depginli ösüşleriniň özboluşly beýany bolup durýar. Bu şäherçe ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz siziň bilen ýurdumyzyň ösüşleriniň nyşany bolan täze binalar toplumyny ulanmaga berýäris. Şäherçede 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, geňeşligiň edara binasy, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, 420 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, saglyk öýi, 500 orunlyk toý mekany, şeýle hem önümçilik maksatly häzirki zaman desgalary guruldy. Bu desgalaryň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýan türkmen telekeçileri tarapyndan gurulmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr”, - diýip Serdar Berdimuhamedow belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiz watandaşlaryny ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy we täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw etdi.