Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan möhüm wakalaryň hormatyna Bişkekde tegelek stol geçirdi
10.09.2025

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy 9-njy sentýabrda Bişkekde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan tegelek stol maslahatyny gurady.

Çärä Bişkekde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli durmuşa geçirilýändigi barada bellenildi. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny dowam etdirýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan bu syýasatyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek ykrar edilen oňyn Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýandygy barada nygtaldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýurduň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, halkara parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekdäki möhüm goşandy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän wideoýazgy görkezildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi