
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 8-nji sentýabrda Finlýandiýanyň ÝHHG-daky Ýörite wekili Teri Hakala bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurlarda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýeti bellenildi.
Söhbetdeşler soňky ýyllarda Türkmenistanyň Parlament Assambleýasy, Milli azlyklar boýunça Ýokary komissaryň edarasy, Demokratik edaralar we adam hukuklary boýunça býurosy we Habar beriş serişdeleriniň azatlygy boýunça wekili ýaly ÝHHG-niň institutlary bilen gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilendigi nygtadylar.
Taraplar howpsuzlygy, energetikanyň ösdürilmegini, şeýle-de ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin umumy tagallalary utgaşdyrmagyň derwaýysdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, adam hukuklaryny goramak ugrunda tejribe alyşmak, demokratik institutlaryny pugtalandyrmak we kanunyň hökmürowanlygy babatynda özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.