Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
09.09.2025

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän, çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze önümçilik desgasynyň kuwwaty bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürmäge barabardyr.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryndan soňra, döwlet Baştutany dabaraly ýagdaýda täze kärhananyň toý bagyny kesdi. Şol pursatda asmana dürli reňkdäki howa şarlary uçuryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow kärhananyň çäginde guralan gurluşyk we senagat toplumynyň sergisini synlady.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutany önümhananyň edara binasyna bardy we bu ýerde degişli düwmäni basyp, täze senagat desgasyny işe girizdi.

Gaplyk çüýşe önümleri öndürýän kärhananyň öz işine başlamagy we önümçiligiň çylşyrymly tehnologiýa prosesi wideoşekillerde görkezildi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow täze kärhananyň barlaghana otagyna bardy. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanyny döredilen şertler bilen tanyşdyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow önümhanada önümçiligiň tehnologik prosesi bilen hem tanyşdy.

Açylyş dabarasynyň barşynda täze desga sertifikatlary gowşurmak dabarasy-da boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýurduň senagat we gurluşyk toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.

Döwlet Baştutany «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi