Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan we BMG guramalary 2030-njy ýyla çenli ýurt meýilnamalaryny tassykladylar
09.09.2025

Nýu-Ýork şäherinde 2025-nji ýylyň 25-nji awgustyndan 5-nji sentýabry aralygynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Ilat gaznasynyň (UNFPA) we Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýerine ýetiriji geňeşleriniň ikinji yzygider mejlisleri geçirildi.

Mejlisleriň netijeleri boýunça 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin ýurt boýunça maksatnamalaýyn resminamalar tassyklanyldy. Bu maksatnamalaryň konsepsiýalary türkmen tarapy bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.

Resminamalara laýyklykda, indiki bäş ýylda BMGÖM-iň, ÝUNISEF-iň we UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda degişli ugurlar boýunça taslamalar we çäreler amala aşyrylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi