
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow 6-njy sentýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurdymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew şu ýylyň sekiz aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň goranyş ukybyny has-da pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Baş prokuror Begmyrat Muhamedow kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işinde sanly tehnologiýalaryň we öňdebaryjy usullaryň işjeň ulanylyşy barada aýtdy.
Içeri işler ministri Muhammet Hydyrow paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda sentýabr aýynyň başyndan bäri “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde dürli çäreleriň geçirilýändigi barada aýtdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew gümrük serhedi arkaly harytlaryň geçirilişiniň tertibiniň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hem aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.