
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Şol Karar bilen Aragatnaşyk ministrligi elektron resminamalar, degişli resminama dolanyşygy, sanly hyzmatlar we elektron hökümetiň işi boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi. Bu barada TDH döwlet agentligi habar berdi.
Bu çäre milli ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edilen kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ýatlatsak, bu wezipeler Türkmenistanyň «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» we «Elektron hökümet hakynda» Kanunlarynda kadalaşdyryldy. Bu resminamalar döwlet edaralarynyň pudagara işini maglumat ulgamlary arkaly utgaşdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Bu tema bilen baglylykda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen işleriň alnyp barylýandygyny belledi.