
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça 3-nji sentýabrda Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.
Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň beýany boldy.
Döwlet Baştutanymyz Hytaýa şu gezekki saparynyň dowamynda giň gerimli çärä — «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň bu sapary Türkmenistanyň köpugurly daşary syýasatynyň pugtalanýandygyny we onuň sebitiň döwletleri bilen dialogy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklaýan möhüm waka öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-e iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Pekiniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary ugratdylar.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar hem-de dostlukly ýurda saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň HHR-e amala aşyran sapary türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädim bolup, onuň strategik häsiýetini tassyklady.