
Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2-nji sentýabrda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy boldy.
Din Sýuesýan Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, syýasy dialog işjeň ösdürilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde, energetika ulgamy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir, diýip aýtdy. 2009-njy ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň HHR bilen milli demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Hytaýdan täze tehnikalary satyn almak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin bilelikde tagalla etmegi teklip etdi. Hususan-da, ýurdumyz Hytaýa dokma, himiýa senagaty, oba hojalyk we nebit önümleriniň eksportyny artdyrmaga taýýardyr.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň hem özara hyzmatdaşlygy has-da ýokary derejä çykarmaga taýýardygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglygyny, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.