
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1 sentýabrda mekdep okuwçylary, talyp ýaşlary, mugallymlary we ähli bilim işgärleri Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden belleniljek bu baýramçylygyň eziz Watanymyza buýsanjyňy joşdurýan şanly seneleriň biri hökmünde mekdep okuwçylarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň, mugallymlarymyzyň, ähli merdana halkymyzyň kalbynda hemişelik orun aljakdygyna berk ynanýaryn.
Milli maksatnamalarymyzy, konsepsiýalarymyzy we strategiýalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň sanyny artdyrýarys, milli we öňdebaryjy tejribeler esasynda bilim işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrýarys. Daşary syýasy strategiýamyzyň möhüm bölegi hökmünde abraýly halkara guramalar, daşary ýurt döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirip, bilim babatda gazananlarymyzy dünýä ýaýýarys. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, köp sanly bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreler bilen birlikde, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtymyzda, obadyr şäherlerimizde bolsa täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesinde has-da ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär”, diýip ýurt baştutanymyz belläp geçdi.
“Mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmeti biziň bilim ulgamynda amala aşyrýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Berkarar döwletimiziň bilim ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, watansöýüji nesli terbiýelemekde, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda mugallymlaryň, bilim işgärleriniň aýratyn hyzmaty bardyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary täze eýýamyň paýhas esasy hem-de terbiýe mekdebiniň binýadydyr. Şoňa görä-de, bu nusgalyk terbiýe mekdebiniň ýörelgelerine eýerip, şeýle hem milli we öňdebaryjy tejribeler esasynda ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek ugrunda döredijilikli zähmet çekmelisiňiz. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna gujur-gaýratly, yhlasly, ak ýürekden halal zähmet çekmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr”, diýip Prezidentimiz belledi.
Serdar Berdimuhamedow mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.