Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýda ŞHG sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşar
01.09.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 31-nji awgustda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen geldi.

Hormatly Prezidentimizi Týanszin şäheriniň Halkara howa menzilinde Hytaý Halk Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow “Meýszýan” sergi we maslahatlar merkezine bardy. Merkeziň foýesinde hormatly Prezidentimizi HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem-de onuň maşgalasy mähirli garşyladylar we bilelikde surata düşdüler. Sammite gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we onuň maşgalasy Pen Liýuanyň adyndan agşamlyk nahary berildi.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti