
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Biz Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris» diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belledi hem-de bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine geljekde-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Anwar Ibrahime we XVII Ýokary Baştutan Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Malaýziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.