Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Baştutany ýanwar-awgust aýlarynda nebit we gaz önümçiliginiň mukdaryny ýokarlandyrmak boýunça işleriň netijeleri baradaky hasabaty diňledi
01.09.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdymuhamedowa ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmakda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berip, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmakda ösüşiň üpjün edilýändigini aýtdy. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemek, benzin, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak babatda oňyn netijeler gazanylýar. Şeýle hem suwuklandyrylan gazy öndürmek, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegi, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti