Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazetinde makalasy çap edildi
01.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň öňüsyrasynda bu ýurduň meşhur neşirleriniň biri bolan «Ženmin Žibao» atly merkezi gazetinde we Hytaýyň beýleki iri neşirlerinde, habar beriş internet sahypalarynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň «Türkmenistan — Hytaý: dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýoly bilen» atly makalasy çap edildi. Bu makala halkara media giňişliginde uly seslenme döretdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň makalasynda 2013-nji ýylyň sentýabrynda iki ýurduň uzak möhletli geljege gönükdirilen gatnaşyklarynyň düýp mazmunyny hem-de ugruny kesgitlän taryhy wakanyň bolup geçendigi, ýagny Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Jarnama gol çekilendigi bellenilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaýyň hakyky dostlar, öz döwletleriniň we bütin adamzadyň ösüşiniň örän möhüm meselelerini çözmekde ygtybarly hyzmatdaşlar we pikirdeşlerdigini belläp, iki ýurduň öňünde duran ähli wezipeleri bilelikde ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti