
Şu ýylyň 18-19-njy sentýabrynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF 2025) geçiriler. Forumyň resmi saýtynyň (www.tif-turkmenistan.com) maglumatyna görä, wekiller üçin hasaba almaklyk 4-nji sentýabra çenli dowam edýär.
Geljekki forum dünýäniň dürli künjeklerinden işewürleri, döwlet wekillerini we hünärmenleri birleşdirer. Häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeginden işewürler foruma uly gyzyklanma bildirýärler: 35 ýurtdan 250-den gowrak wekil, şol sanda 50-den gowrak spiker gatnaşmagyny tassyklady.
Ýörite hyzmatdaşlaryň arasynda John Deere, Çalık Enerji, Daewoo E&C, Wirtgen Group we Damen Shipyards Group ýaly iri kompaniýalar bar.
Forumyň şygary — «Milli mümkinçilikler, halkara hyzmatdaşlyk». Çärede täze pikirler anyk taslamalara öwrülip, Türkmenistana gönükdirilen maýa goýumlaryny giňeltmek üçin täze mümkinçilikler açylar.
Iki gün dowam etjek forumyň dowamynda gatnaşyjylar ýurduň iň täze ykdysady özgertmeleri we maýa goýum başlangyçlary bilen tanyşmak bilen bir hatarda, döwlet we hususy hyzmatdaşlar bilen gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiligine eýe bolarlar.
Programmanyň çäginde strategik panel maslahatlary, maýa taslamalarynyň tanyşdyrylyşy, işewür duşuşyklar, ussatlyk sapaklary we medeni çäreler guralar.
Ýerleriň çäklidigi sebäpli, guramaçylar ähli gyzyklanýan taraplary resmi saýtyň üsti bilen mümkin boldugyndan çalt hasaba alynma geçmäge çagyrýarlar.
çeşme: oilgas.gov.tm