
18-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň täze nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň işe girizilmegine ak pata berdi. Bu desga ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ulanmaga berildi.
"Türkmennebit" döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow sanly wideoaragatnaşyk arkaly açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Täze desgada doly möçberde işler alyp barmaga ähli mümkinçilikler döredildi.
Ulanylmaga berlen Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň ýylda 2 million 60 müň tonna nebit we nebit önümlerini ýüklemäge hem-de 1 million 150 müň tonna nebit we nebit önümlerini düşürmäge mümkinçiligi bar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow täze desganyň işe girizilmeginiň ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän möçberini artdyrmaga, olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berjekdigini belledi. Il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý bagynyň kesilmegi bilen nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgadan tanker bilen nebit önümini ibermek başlandy.
Wise-premýer B.Amanow nebitgaz pudagynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman-Arkadaga netijeli iş üçin döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.