Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
2028-nji ýyla çenli Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi
12.07.2025

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatlarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin olaryň ýerine ýetirilişini kämilleşdirmek we güýçlendirmek maksady bilen kabul edildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi