
4-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Wise-premýer B. Amanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň alyp barýan işlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilşi ýaly, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini öwrenmekde we özleşdirmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek ugrunda çäreler durmuşa geçirilýär. Guýulary öwrenmekde maglumatlaryň takyklygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, pudagy häzirki zaman geofiziki enjamlary bilen üpjün etmek teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda uglewodorod ýataklaryny öwrenmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, konserniň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak baradaky teklibi makullady hem-de degişli çäreleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşmesi: Türkmenistanyň HHM-i