
30-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legarini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Pakistanda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige esaslanýan syýasatyna ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy diňe bir dost-doganlyk gatnaşyklarynyň däl, eýsem, ruhy, medeni, taryhy gymmatlyklaryň hem baglanyşdyrýandygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, Pakistan Türkmenistanyň Günorta Aziýa sebitinde iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Türkmen-pakistan gatnaşyklary özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ikitaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge berk binýat bolup hyzmat edýär.
Türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady, energetika ugurly hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyz sebitde iri energetika we kommunikasiýa taslamalaryny, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu taslamalaryň geljekde tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam berjekdigine, şeýle hem Farýal Legariniň täze bellenen ilçi hökmünde iki ýurduň tagallalaryny utgaşdyrmak arkaly bu iri taslamalary amala aşyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýratyn ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.