Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
OGT 2025 – Energetikada 30 ýyllyk liderlik
27.06.2025

Eziz Diýarymyzyň paýtagtynda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň  nebiti we gazy – 2025» halkara maslahaty we sergisiniň (OGT 2025) resmi hasaba alyşy şu wagtdan başlap açykdyr. 

Geçen üç onýyllygyň dowamynda OGT maslahaty we sergisi Merkezi Aziýanyň energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň we pikir alyşmalaryň ösmegine ýardam edýän, öňdebaryjy milli we halkara energetika kompaniýalaryny, maýa goýujylary, hökümet wekillerini hem-de tehniki hünärmenleri birleşdirýän öňdebaryjy meýdança hökmünde öz ornuny berkidip gelýär.

«Energiýa. Innowasiýa. Ösüş» şygary astynda geçiriljek OGT 2025 maslahaty 60-dan gowrak ýurtdan wekilleri özünde jemläp, aşakdaky esasy mowzuklara üns berer:

– Halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we Durnukly energetiki ösüşe ýardam bermek BMG-niň yglan eden Parahatçylyk we ynam ýylynyň çäklerinde;

– Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrmak;

– Dünýä energetikasynyň energetiki geçiş we dekabrbonizasiýa ugurlary boýunça derňewler;

– Uglewodorod känleriniň özleşdirilişiniň ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleri;

– Uglewodorod çykaryşynda emeli intellektiň artýan orny.

Dünýäde pes uglerodly energetika geçişiniň çaltlaşýan döwründe, Türkmenistan hem energetika strategiýasyny işjeň diwersifikasiýalaşdyrýar. Türkmenistan halkara maýa goýujylar üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär — dünýäde iň uly ýerasty gaz känleriniň biri bolan Galkynyş käniniň ösüşiniň indiki tapgyrlaryndan başlap, guýçli gün we ýel energetika taslamalaryna çenli.

Halkara maýa goýujylara we hünärmenlere şu ugurlarda döwrebap maglumatlar we çuňňur derňewler hödürlener:

– Galkynyş gaz käniniň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri;

– Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň gurluşygy;

– Hazar deňziniň türkmen sektoryndaky maýa goýum taslamalary;

– Tebigy gazyň täze ugurlar boýunça eksportynyň giňeldilmegi;

– Gaz gaýtadan işlemek we nebit-himiýa senagatynyň ösüşi;

– Durnukly ösüş başlangyçlary, şol sanda metan zyňyndylaryny azaltmak we täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalar (mysal üçin: Altyn Asyr kölüniň ýanyndaky gün-ýel elektrik stansiýasy).

Türkmenistan sebitiň geljegini kesgitleýän strategik energetika taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmagy dowam etdirýär. Bu işde ýurdumyzyň durnukly maýa goýum gurşawy, kanunçylyk kepillikleri we sebit hem-de halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan işjeň gatnaşmagy esasy sütünler bolup çykyş edýär.

Guramaçylar OGT 2025-iň täze hyzmatdaşlyklary döretjekdigine we maýa goýum işjeňligini artdyrjakdygyna ynanýarlar — bu hem Türkmenistanyň dünýä energetika giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrar.

Giňişleýin maglumat üçin çäräniň resmi web sahypasyna ýüz tutup bilersiňiz.  

çeşme: Altyn asyr Turkmenistan