
2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň agzasy, Fransiýa–Merkezi Aziýa dostluk parlament toparynyň agzasy hanym Samanta Kazebon bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Fransiýa–Merkezi Aziýa dostluk toparynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm orny nygtaldy.
Taraplar Türkmenistanyň we Fransiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenmegine hyzmat edýändigini bellediler.
Duşuşykda bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmegiň, bilim we ylym ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň möhümdigi nygtaldy.
Senatoryň ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna bildirýän goldawyna hem-de halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga minnetdarlyk bildirildi. Mähri Bäşimowa türkmen tarapynyň parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we ösdürmegiň täze ugurlaryny gözlemäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary derejeli we parlament derejesindäki saparlaryň guralmagynyň özara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.