
Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!
Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagy baş maksat edinen halkymyz daşky gurşawa, tebigata örän aýawly çemeleşip, ony hemişe gorap gelýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar. Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Eziz watandaşlar!
Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakdan, özboluşly, gaýtalanmajak gözel tebigatymyzy aýawly saklamakdan, ony geljek nesillerimize has-da gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr. Häzirki döwürde daşky gurşawy gorap saklamakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär.
Her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly goşant goşýar we halkymyzyň baý tebigatymyza buýsanjyny artdyrýar. Beýik maksatlara gönükdirilýän bu işleriň netijesinde, paýtagtymyz Aşgabadyň daş-töwereginde, welaýatlarda döredilýän tokaý zolaklarynyň çägi barha giňelýär. Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyzyň, daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli şertler döredildi.
Garagum sährasynyň jümmüşindäki «Altyn asyr» Türkmen köli bolsa diňe bir ülkämiziň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrman, eýsem, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga hem uly täsir edýär. Ýurdumyzyň biodürlüligini, sebitiň ösümlikleriniň we haýwanlarynyň seýrek hem-de dünýä ähmiýetli endemik görnüşlerini gorap saklamakda netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça işler hem yzygiderli dowam etdirilýär.
Eziz watandaşlar!
Adamzadyň durnukly ösüşini we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramagyň meselelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna Türkmenistan hem işjeň goşulýar we tebigaty goramak, ekologiýa meselelerini çözmek babatda dünýä ähmiýetli birnäçe maksatnamalary durmuşa geçirýär. Biziň ýurdumyz «ýaşyl» ykdysadyýeti, energetikanyň daşky gurşaw üçin amatly görnüşlerini ösdürmäge aýratyn üns berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Bitarap Türkmenistan durnukly ösüş babatda öňde duran wezipeleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşýär. Bu mesele boýunça biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş we daşky gurşaw boýunça maksatnamalary, Azyk we oba hojalyk guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly köp sanly halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýarys. Ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlary hem-de teklipleri öňe sürýäris.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna, Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna gatnaşyjy hökmünde Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna resmi taýdan goşulmagy hem-de onuň çäginde halkara we milli derejede amala aşyrylýan netijeli işlerimiz howanyň üýtgemegine, onuň täsirlerine garşy göreşmekde ähli tagallalary edýändigimiziň aýdyň güwäsidir. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki maslahatlarda daşky gurşawy gorap saklamak, suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça başlangyçlary hem öňe sürdük we olary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Özboluşly tebigatymyzy has-da gözelleşdirmek üçin geljekde hem bu ugurda alyp barýan işlerimizi dowam etdireris.
Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!
Sizi Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, gözel Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak we has-da baýlaşdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.