Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
14.05.2025

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň guramaçylygynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly maslahata toplumyň düzümlerinde zähmet çekýän işgärleridir hünärmenleri gatnaşdy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli ýola goýmakda, raýatlaryň saglygyny berkitmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek, şonuň ýaly-da türkmen sportuny dünýäde iň öňdäki orunlara çykarmaklyga gönükdirilen wezipeler toplumlaýyn çemeleşmek esasynda amala aşyrylýar.

Saglyk ynsanyň baş baýlygydyr. Şol sebäpden her bir ynsanyň öňünde goýýan esasy maksady öz saglygyny berkitmekden ugur almalydyr. Bilşimiz ýaly, biz halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, onuň gadyryny bilmek babatda asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşaýarys. Saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, halkara ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezleriň, köpugurly hassahanalaryň, şypahanalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi, olarda döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Munuň özi ýurdumyzda halk we onuň abadan hem sagdyn durmuşy barada edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr.

Çeşme: «Nebit-gaz» elektron gazeti