
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň işgärleriniň çekýän yhlasly zähmeti tüýs ýerine düşdi. Olaryň Günbatar Goturdepe käninde burawlan 1907-nji barlag guýusyndan gymmatly çig mal bolan nebitiň senagat akymy alyndy.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna ynamly gadam basdyk. Ýurdumyzyň sebitlerinde, şol sanda Balkan welaýatynda gözleg-barlag işlerini giňden ýaýbaňlandyrýarys. Bilelikde edýän tagallalarymyz ýerine-de düşýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň baýlyk gorunyň üstüne baýlyk goşulýar» diýip, ekspedisiýanyň baş geology Sünnet Hatamow höwes bilen gürrüň berýär.
Lebaply baýlyk agtaryjylar ýokarda ady agzalan kände 4 müň metre golaý çuňlugy burawladylar. Munuň özi bu kände burawlanan iň çuň guýudyr. Şonuň netijesinde, aşaky gyzyl reňk 13-nji gatlakda nebitiň we tebigy gazyň bol ýatagynyň üsti açyldy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu guýynyň önüm berijiligi bir gije-gündizde çig nebitiň 93,4 tonnasyna, tebigy gazyň 4 müň 430 kub metrine barabardyr. Gözlegleriň şowly tamamlanmagy bu käniň gymmatly çig mallary öndürmekde uly geljeginiň bardygyny ynandyryjylykly tassyklaýar. Şanly ýylda bu uly zähmet ýeňşi buraw desgasynyň ýolbaşçysy Jumageldi Orazowyň hem-de toparyň agzalarynyň agzybirlik bilen maksada okgunly işlemekleri arkaly gazanyldy.
Toparyň agzalarynyň hünär derejeleriniň ýokarydygyny, baý iş tejribeleriniň eýeleridigini aýratyn bellemelidir. Şeýle hünärmenleriň hatarynda buraw ussasy Magtym Mahmudowyň, alyp baryjy geolog Mamurjan Çaryýewiň, burawlaýjy Töre Bazarowyň, burawlaýjynyň kömekçileri Gahryman Gurtgeldiýewiň, Artyk Öwezgulyýewiň we beýlekileriň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalýar.
«Nesip bolsa, üstümizdäki ýylda şeýle buýsandyryjy hoş habarlaryň sany has artar. Munuň üçin burawlaýjylarymyz yhlas bilen zähmet çekýärler. Biz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň baýlyklaryny barha artdyrmak boýunça öňde goýan jogapkärli wezipelerini abraý bilen durmuşa geçirmek ugrunda geljekde-de tutanýerli zähmet çekeris» diýip, baş geolog Sünnet Hatamow ynam bilen gürrüň berýär.
Сeşme: Türkmenmetbugat