Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
TNGIZT-iň eksport mümkinçilikleri halkara sergilerde görkezilýär
07.05.2025

Türkmenistanyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) önümleri dünýäniň dürli sebitlerinde geçirilýän üç sany iri halkara sergide görkezilýär.

Şeýle sergileriň iň esasylarynyň biri Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EXPO 2025» Bütindünýä sergisidir. Türkmenistanyň milli pawilýony bilen tanyşlygyň çäginde TNGIZT tarapyndan öndürilýän nebit-himiýa önümleriniň giň görnüşi halkara tomaşaçylaryň ünsüni çekýär. Türkmenistany bu abraýly gözden geçirilişe gatnaşmagy ýurduň eksport kuwwatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatyna ygrarlydygyny görkezýär hem-de uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda türkmen tehnologiýalarynyň we çemeleşmeleriniň bäsdeşlige ukyplydygyny subut edýär.

Şeýle-de 5-nji maýda Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň ilkinji sergisi açyldy. Bu ýerde hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän toplumyň önümleri görkezilýär. Bu çäräniň maksady Eýran we sebitiň beýleki ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Mundan başga-da, TNGIZT-iň önümleri 13 — 18-nji maý aralygynda Kazan şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde hem görkeziler. Bu forum onlarça ýurduň işewür we syýasy toparlarynyň wekillerini özünde jemläp, Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işlemek pudagynyň mümkinçiliklerini görkezmek üçin ýene bir möhüm meýdança bolar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebit-himiýa senagatynyň baş kärhanasydyr. Bu ýerde benzin, awia we tehniki kerosin, reaktiw we dizel ýangyçlary, mazut, ýaglar, polipropilen, peç ýangyjy, gazoil, nebitden alnan elektrodkoks, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumy, kükürt, sintetiki arassalaýjy serişdeler we başga-da dürli görnüşli önümler öndürilýär.

TNGIZT-iň önümleri diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarda hem uly islegden peýdalanýar. Önümleriň eksport ugurlary Russiýany, Germaniýany, Ispaniýany, Italiýany, Ýaponiýany, Hytaýy, Türkiýäni, Eýrany, Pakistany, Owganystany we beýleki ýurtlary öz içine alýar. Önümleriň ýokary hili halkara standartlara laýykdygy bilen ykrar edilendir.

Kärhananyň 2025-nji ýylda geçirilýän sergilerde işjeň gatnaşmagy Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň möhüm bölegi bolup, ýurduň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmak meýliniň aýdyň subutnamasydyr.

Çeşme: Orien​t