Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
“Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar döwrebaplaşdyrylar
25.01.2025

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň nebiti gaýtadan işlemek, içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, bu önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, degişli kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak barada berýän tabşyryklary esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebithimiýa senagatyny döwrebap derejede ösdürmäge, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz içerki sarp edijileri we daşarky bazarlary nebit önümleriniň zerur möçberi bilen üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi