Türkmenistanyň daşary syýasaty häzirki döwürde parahatçylyk, ynanyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan nusgalyk ugur hökmünde halkara giňişliginde ykrar edilýär. Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan alyp barýan deňagramly syýasaty arkaly dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilip, ýurduň daşary syýasatynyň gerimi has-da giňeldilýär.
Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Şol çemeleşme ýurduň dürli sebitler bilen gatnaşyklarynda hem, halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlykda hem öz beýanyny tapýar. Netijede, Türkmenistan sebit we ählumumy derejede möhüm başlangyçlary öňe sürýän işjeň döwletleriň birine öwrüldi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşary syýasatynda parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi goldamak we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek esasy ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Ýurt dünýäde ýüze çykýan meseleleriň syýasy-diplomatik usullar arkaly çözülmegini yzygiderli goldaýar hem-de öz başlangyçlaryny halkara jemgyýetçiliginiň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürleýär. Şeýle çemeleşme Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna hem-de onuň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalmagyna ýardam edýär.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Energiýa howpsuzlygy, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, daşky gurşawy goramak hem-de sebitde durnuklylygy üpjün etmek ýaly ugurlar boýunça öňe sürülýän başlangyçlar giň goldawa eýe bolýar. Bu bolsa ýurduň halkara gün tertibindäki möhüm meseleleriň çözgüdine işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegi döwletiň dünýä syýasatyndaky ornuny has-da berkitdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirildi. Ýurt abraýly halkara guramalar bilen däp bolan gatnaşyklary ösdürmek bilen çäklenmän, sebit we ählumumy ösüşe gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş gün tertibini taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmagy onuň halkara jogapkärçiliginiň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny milli ösüş strategiýasyna üstünlikli ornaşdyran ilkinji döwletleriň hatarynda çykyş edýär. Häzirki wagtda bu maksatlar ýurduň durmuş-ykdysady özgertmeleriniň möhüm ugruna öwrüldi. Döwlet maksatnamalary taýýarlanylanda Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy görkezijileri giňden ulanylýar we bu ulgamlaýyn çemeleşme halkara hyzmatdaşlygyny hem has-da netijeli edýär.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy hem yzygiderli ösdürilýär. Bu ugurda döredilen «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşi möhüm utgaşdyryjy meýdança bolup hyzmat edýär. Geňeşiň Aşgabatda geçirilen nobatdaky mejlisinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, bilelikdäki taslamalary giňeltmek we köpugurly hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle duşuşyklar halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Türkmenistanyň daşary syýasatynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklar hem möhüm orun eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ABŞ-a amala aşyran sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny görkezdi. Ýokary derejeli gepleşikleriň we işewürlik duşuşyklarynyň dowamynda ykdysadyýet, maýa goýumlar, innowasion tehnologiýalar hem-de senagat hyzmatdaşlygy boýunça täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle duşuşyklar halkara işewür toparlarynyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna we maýa goýum mümkinçiliklerine bildirýän gyzyklanmasynyň barha artýandygyny tassyklaýar.
Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň arasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly konsepsiýa aýratyn orun eýeleýär. Bu başlangyç döwletleriň we halklaryň arasynda ynanyşmagy berkitmäge, medeniýetleriň arasyndaky dialogy ösdürmäge hem-de häzirki döwrüň umumy meselelerini hyzmatdaşlyk esasynda çözmäge gönükdirilendir. Şeýle çemeleşme parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmaga we halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmegi ösdürmäge hyzmat edýär.
Soňky ýyllaryň tejribesi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň yzygiderli ösüş ýolundan barýandygyny görkezýär. Deňhukukly hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we birek-birege hormat goýmak ýaly ýörelgeler ýurduň halkara gatnaşyklarynyň mizemez binýadyna öwrüldi. Şol sebäpli Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylygy, durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny goldaýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýä bileleşigindäki ornuny barha pugtalandyrýar.
«Türkmennebit» döwlet konserni
Ýolbaşçynyň kätibi A.Omadowa







