Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň durnukly ösüşine, aýratyn-da ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga degişli möhüm meselelere seredildi. Mejlisiň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli işler we täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meýilnamalary barada hasabat berildi. Bu ugurdaky taslamalaryň esasy maksady daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümleriniň öndürilmegini ýola goýmakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek baradaky teklibi makullady we bu ugradaky işleri yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly sütünidir we döwletimiziň halkara giňişligindäki geosyýasy ornyny berkidýän esasy guraldyr. Häzirki döwürde bu pudak diňe bir uglewodorod serişdelerini gazyp almak bilen çäklenmän, eýsem, uly göwrümli çig mal binýadyna esaslanyp uglewodorodlary düýpli we çuňňur gaýtadan işlemäge, ýokary bahaly taýyn önümleri öndürmäge tarap yzygiderli ugur alýar. Pudagyň ösüşi uzak möhletleýin durnuklylygy, sanlylaşdyrmagy we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy öz içine alýar. Sanly ulgamyň giňden girizilmegi dolandyryş çözgütleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar, energiýa serişdeleriniň ýitgilerini ep-esli derejede azaldýar we iň ýokary derejedäki önümçilik howpsuzlygyny üpjün edýär.
Energiýa eksportynyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek Türkmenistanyň halkara energetika strategiýasynyň özenini düzýär. Global energetika bazaryndaky bäsdeşlik şertlerinde täze eksport ugurlarynyň döredilmegi hyzmatdaşlaryň çäkli sanyna garaşlylygy azaldyp, ýurdumyzyň ykdysady durnuklylygyny berkidýär. Bu ugurda amala aşyrylýan iň iri düzümleýin taslamalaryň biri bolsa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga berlen we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bu taslama sebitde diňe bir ykdysady bähbitleri üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmaga hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen badalga berlen TOPH taslamasynyň Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygy taryhy ähmiýetli ädim boldy. Ýokary depginde alnyp barylýan bu taslamanyň gurluşyk meýdançalarynda 700-e golaý ýerli inženerler, gazçylar we gurluşykçylar döwrebap ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 250-den gowragyny ulanyp, uzynlygy 153 kilometr bolan gaz geçiriji ulgamyny üstünlikli çekýärler. Bu taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi türkmen gazynyň Günorta Aziýanyň iri bazarlaryna ygtybarly çykarylmagyna ýardam etmek bilen, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine we ugurdaş pudaklaryň ösmegine güýçli itergi berýär.
Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy döwletleri, aýratyn-da Hytaý Halk Respublikasy ýaly iri strategik hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Dünyäniň iň uly gury ýer gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” känini bilelikde özleşdirmek we gaz-transport infrastrukturasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk taryhy häsiýete eýedir. Bu taslamalar ýurdumyza uly möçberde maýa goýumlaryny çekmäge, innowasion tehnologiýalary alyşmaga we eksport mümkinçiliklerimizi has-da giňeltmäge amatly şertleri döredýär.
Häzirki zaman şertlerinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek energetika syýasatynyň iň esasy ugurlarynyň biridir. Durnukly ösüşiň ählumumy ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistan daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berýär we pudakda zyňyndylary azaltmaga, tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga gönükdirilen öňdebaryjy halkara ekologiýa standartlaryny önümçilige giňden girizýär. Bu bolsa ykdysady ösüş bilen ekologiýa jogapkärçiliginiň arasynda kämil deňagramlylygy saklamaga mümkinçilik berýär.
Geljekde täze gaz känlerini açmak, gaýtadan işleýän senagaty çuňlaşdyrmak, pudagy doly sanlylaşdyrmak we eksport ugurlaryny dowamly diwersifikasiýa etmek ýangyç-energetika toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny täze belentliklere göterer. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bu öňdengörüjilikli we strategik başlangyçlar Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny hil taýdan täze ösüş tapgyryna çykaryp, ýurdumyzyň global energetika bazaryndaky ygtybarly we güýçli ornuny has-da berkider.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Işgärler we hukuk müdirliginiň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni G.Mollaýewa







