GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Nebit-gaz toplumy milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýar
02.06.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň mekany» ýylynyň ilkinji aýlary ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterime deň bolmagy bilen häsiýetlenýär. Bu ägirt uly ösüşiň çäginde ýurdumyzda ykdysady, medeni, bilim, ylym, saglygy goraýyş, nebitgaz, oba hojalyk, ulaglar, aragatnaşyk, dokmaçylyk ýaly pudaklarda gazanylan buýsandyryjy üstünlikleriň paýy bardyr.

Nebitgaz toplumynyň garamagyndaky edara-kärhanalar hormatly Prezidentimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmegiň barşynda önüm öndürmegiň derejesini 100 göterimden aşyryp, milli ykdysadyýetiň ösmegine mynasyp goşantlaryny goşdular.

Nebitgaz toplumynyň hünärmenleri we işçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanyljak ýylynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda belent tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini mynasyp amal etmek üçin ähli yhlaslaryny sarp edip, ýadawsyz zähmet çekýärler. Täze nebit we gaz ýataklaryny ýüze çykarmak, özleşdirmek, halkara gaz geçirijisini gurmak babatda işler yzygiderli ilerledilýär.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti