Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny döwrebap ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, içerki bazary ýokary hilli nebit önümleri bilen ygtybarly üpjün etmek we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda gazanylýan netijeler hem ýurdumyzyň ýangyçenergetika toplumynyň depginli ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr.
Kuwwatly zawodda şu ýylyň başyndan bäri dizel ýangyjynyň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,8 göterim artdy. Has takygy, geçen ýylyň ilkinji dört aýynda bu ýerde 42,1 müň tonna dizel ýangyjy öndürilen bolsa, şu ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 47 müň tonnadan hem geçdi. Şeýlelikde, zawodyň gaýratly işgärleri geçen ýyldakydan 5 müň tonna golaý köp dizel ýangyjyny öndürmegi başardylar. Bu bolsa kärhanada önümçilik işleriniň sazlaşykly ýola goýlandygyny, zähmet toparynyň öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär.
Zawodda öndürilýän L-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy ýokary hilli nebit önümleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Bu ýangyç görnüşi, esasan, oba hojalyk tehnikalarynda, ýük ulaglarynda we dizel hereketlendirijili beýleki enjamlarda giňden ulanylýar. Onuň tehniki häsiýetleri tehnikalaryň durnukly işlemegine ýardam berýär. Ýangyjyň düzümindäki «L» harpy onuň tomusky görnüşlidigini aňladýar. «0,5» görkezijisi bolsa kükürdiň mukdarynyň 0,5 göterimden köp däldigini görkezýär. Bu aýratynlyklar önümiň hil taýdan ýokary derejä eýedigini hemde häzirki zaman talaplaryna laýyk öndürilýändigini tassyklaýar.
L-0,5-62 kysymly dizel ýangyjynyň içerki bazarda islegli bolmagy bilen birlikde, onuň daşary ýurt bazarlarynda hem uly ähmiýete eýe bolmagy kärhananyň önümçilik mümkinçilikleriniň giňelýändigini aňladýar. Bu önüm Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda yzygiderli satuwa çykarylýar. Şol sanda Owganystan we Eýran ýaly goňşy döwletlere eksport edilmegi bolsa türkmen nebit önümleriniň halkara bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny aýdyň görkezýär.
Dizel ýangyjynyň önümçiliginiň artmagy diňe bir kärhananyň içki üstünlikleriniň däl, eýsem, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda alnyp barylýan maksada okgunly işleriň hem netijesidir. Önümçiligiň ösüş depgini Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýändigini görkezýär. Kärhananyň işgärleri önümçilik meýilnamalaryny berjaý etmek bilen çäklenmän, nebit önümleriniň hilini ýokarlandyrmak, tygşytlylygy üpjün etmek we sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak ugrunda hem netijeli zähmet çekýärler.
Häzirki wagtda nebitgaz pudagynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň hiline, ekologik talaplara laýyklygyna we halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýän L-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy hem şu talaplara laýyk gelýän önüm hökmünde tapawutlanýar. Kükürt möçberiniň pesligi, ulanyş taýdan ygtybarlylygy we tehnikalaryň netijeli işlemegine edýän oňyn täsiri onuň esasy artykmaçlyklarynyň hataryndadyr.
Ýurdumyzda nebitgaz senagatynyň yzygiderli ösdürilmegi, gaýtadan işleýän kärhanalaryň kuwwatynyň artdyrylmagy we ýokary hilli önümleriň öndürilmegi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine hyzmat edýär. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda gazanylýan netijeler hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň rowaçlyga beslenýändigini görkezýär. Zawodyň zähmetsöýer işgärleri geljekde hem önümçilik görkezijilerini has-da ýokarlandyryp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýärler.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







