Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde açylan «Lu Ban ussahanasy» Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilim we tehnologiýa hyzmatdaşlygynyň täze bir tapgyry bolup durýar. Bu merkez türkmen inženerlerini halkara standartlaryna laýyk taýýarlaýar. Olara, esasan, geodeziýa we kartografiýa (ýerasty baýlyklary gözlemek we sanly kartalary döretmek üçin täze enjamlar) we geomaglumatlar ulgamy (GIS), ýagny nebitgaz pudagy üçin maglumatlary seljermek boýunça bilim berer. Hytaýyň iri «CNPC» (China National Petroleum Corporation) kompaniýasy hem bu merkeziň enjamlaşdyrylmagyna we okuw maksatnamalarynyň taýýarlanmagyna öz goşandyny goşýar. Ussahanada talyplar robotlaşdyrylan beketler (Total Stations), GNSS kabul edijileri (hemra arkaly takyk ýerleşişi kesgitleýän enjamlar), sanly fotogrammetriýa üçin niýetlenen programma üpjünçilikleri bilen işläp bilýärler.
Bilim merkezinde şeýle-de nebitgaz desgalarynyň «sanly çyzgylaryny» (digital twins) döretmek, ýagny hakyky desganyň wirtual nusgasyny ýasamak boýunça tejribe işleri, gözleg we barlag işlerinde ulanylýan robotlaşdyrylan tehnologiýalary dolandyrmak, amaly tejribe, ýagny hakyky önümçilikde ulanylýan tehnologiýalar bilen tanyşmak mümkinçiligi bardyr. Türkmenistanda açylan «Lu Ban ussahanasy» ýokary tehnologiýaly geologiýa we nebit-gaz inženerçiligine gönükdirilen bolup, ol ýangyç-energetika ulgamyny kämilleşdirmegi esasy maksat edip goýýar.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







