GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Daşoguz welaýatynda uzakda ýerleşýän ilatly ýerleri suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek işi giňeýär
13.05.2026

Hä­zir­ki gün­ler­de «Da­şo­guz­ga­züp­jün­çilik» müdirliginiň welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhubelent, Akdepe, Şabat we Görogly etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalaryň ilatyny suwuklandyrylan «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde maksada okgunly işleri alyp barýarlar.

Olaryň birleşen tagallalary netijesinde Garagum sährasynyň jümmüşinde, Sarygamyş kölüniň boýlarynda, Was düzlüginde we Bötendag sebitlerinde bar bolan öri meýdanlaryndaky maldarlarymyz suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün edilip, ruhubelent zähmet çekýärler. Bu ugurda müdirligiň welaýat merkezinde ýerleşýän gaz dolduryjy bekediniň işçi-hünärmenleriniň etraplardaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary bilen agzybirlikde durmuşa geçirýän derwaýys işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bular dogrusynda müdirligiň gaz dolduryjy bekediniň hünärmenleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, aýratyn hem Garagum sährasynda, medeni zolakdan has alysda ýerleşýän Ataguýy, Ajy­gu­ýy, Dam­la, Kyrk­gu­ýy, Ga­myş­ly, Akmolla ýaly ençeme öri meýdanlarynda ýylyň bütin dowamynda maldarçylyk bilen meşgullanýan, suwuklandyrylan gazdan peýdalanýan çarwa ilatynyň müdirligiň gazçylarynyň hyzmatyndan diýseň hoşaldygyna göz ýetirdik. Halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylýan hoşallyk sözlerini welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagynda bolan döwlet eýe­çi­li­gin­dä­ki Şa­bat et­ra­by­ndaky «Do­wardarçylyk», Köneürgenç etrabyndaky «Maldarçylyk» hem-de Görogly etrabynda bar bolan «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynda bolanyňda-da her pursatda eşitmek bolýar.

Ýeri gelende aýdanymyzda, welaýat merkezindäki gaz dolduryjy bekediň gazçylarynyň hyzmatyndan Garagum sährasynyň Mürzeçyrla, Böwrideşik, Kyrkguýy, Dam­la, Sö­zen­li, Ys­lam, Gy­zyl­ja­bu­run, Baleýşem, Göbe, Ýekeje hem-de Sarygamyş kö­lü­niň etek­le­rin­de Ak­bö­wet we Döw­kesen ýaly bol otly öri meýdanlarynda maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwalarymyz hem yzygiderli peýdalanyp gelýärler. — Yn­ha, gör­şü­ňiz ýa­ly, be­ke­di­miz suwuklandyrylan gazy ýörite gaz ballonlaryna gaplamaga ýöriteleşdirilen. Bu ýerde zähmet çekýän işçi-hünärmenlerimiziň hemmesi öz hünäriniň ussady. Bekedimiz gaz dolduryjy, gaz ballonlaryny barlaýjy we abatlaýjy bölümlerden ybarat bolup, ol ýerlerde gaz ballonlary dolduryjylar Gurbandurdy Gurbandurdyýew, Wepa Saparow, gaz ballonlaryny barlamak we bejermek boýunça slesarlarymyz Begenç Saparow hem-de Amandurdy Gummanow dagy göreldeli zähmet çekýär.

Olar bu ýerde näsazlyk tapan gaz enjamlaryny abatlamak bilen birlikde, ýörite gaplara gaplanan suwuklandyrylan gazyň talabalaýyk derejede we agramda bolmagy­na hem gö­zeg­çi­lik ed­ýär­ler — di­ýip, bekediň uly ussasy Ýagşymyrat Kulyýew bu ýerde alnyp barylýan gündelik işler barada gürrüň berýär.

Beketde welaýatyň çetki günbatar künjeginde ýerleşýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň gaz hojalyk edarasyna degişli «KAMAZ» kysymly ýöriteleşdirilen awtoulaga we «Ruhubelentetrapgaz» gaz hojalyk edarasyna garaşly şeýle görnüşli awtoulaga suwuklandyrylan «mawy ýangyçdan» doldurylan gaz ballonlarynyň ýüklenip durşy biziň ünsümizi özüne çekdi. Bu kuwwatly awtoulaglara tejribeli sürüjiler Artyk Annaýewiň we Atamyrat Nurjanowyň ussatlarça erk etmek bilen, bu möhüm zerurlyklary çopan goşlaryna öz wagtynda ýetirip durýandyklaryny, bu ugurda «Göroglyetrapgazdan» şeýle görnüşli awtoulagyň sürüjisi Ýazmyrat Sajykowyň hem baý iş tejribesiniň bardygyny Ýagşymyrat Kulyýew hoşallyk bilen aýdýar.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti