GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygy — mizemez dostlugyň nusgasy
29.04.2026

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde ýerleşýän ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegine badalga berilmegi taryhy ähmiýetli wakalaryň biri boldy.

Bu dabaraly çärä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynyň hem aýratyn ma­ny­sy bar. Çün­ki biz — žur­na­listler döwrüň möhüm wakalaryny halk köpçüligine ilkinji hem giň görnüşde ýetirmeli hünärmenler bolup durýarys. Ta­ry­hy wa­ka­nyň öňü­sy­ra­syn­da türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Din Sýuesýanyň çykyş etmegi täsirli çäräniň iň mynasyp beýanyna öwrüldi. Çykyşlarda iki halkyň dostlukly gatnaşyklarynyň güwäsi bolan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň maksady şu günki alnyp barylýan taryhy, beýik işleriň üsti bilen giňden açylyp görkezildi.

Hakykatdan hem, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegine badalga berilmegi bilen, dünýäde iri bu gaz käniniň kuwwaty has-da äşgär bolar. Çünki ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy gaýtadan işlemäge we taýýarlamaga mümkinçilik berýän taslama energetika howpsuzlygyny üpjün etjek täze akabadyr. Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, bu taslamanyň çäklerinde önümçilik bilen birlikde uly durmuş infrastrukturasy hem kemala geler. Bu ýerde 1 müň 41 sany täze iş ornunyň döredilmegi, ýaşaýyş toplumlarynyň, döwrebap ýollaryň, suw üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygy Mary welaýatynyň ykdysady ösüşini täze basgançaga çykarar. Munuň özi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşymyzda aýdyň dabaralanmasydyr.

Biz şu ýerde ýurdumyzyň «ýaşyl» diplomatiýa ygrarlydygyny-da guwanç bi­len bel­le­me­li­di­ris. Türk­me­nis­ta­nda metan zyňyndylaryny azaltmak, gazy kömürturşy gazyndan we kükürtli wodoroddan düýpli arassalamak boýunça iň täze desgalaryň gurulmagy, önümçiliklere täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy daşky gurşawy goramaklyga jogapkärçilikli çemeleşilýändigini görkezýär. Önümçilik meýdançalarynyň töwereginde çägä garşy berkitme işleriniň geçirilmegi hem ekologik deňagramlylygy saklamagyň çe­me­leş­me­si bo­lup dur­ýar. Türk­menhytaý energetika hyzmatdaşlygy indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri dünýä üçin nusga bolup durýar. Muňa ilkinji gadamlary gojaman taryhyň ýüreginden başlanan Beýik Ýüpek ýoly bilen birlikde, bu gün ýurdumyzyň dünýäniň iri gaz döwleti hökmündäki ornuny pugtalandyryp, «mawy ýangyjyň» bütin adamzadyň hyzmatynda bolmagyny üpjün etjek «Galkynyş» gaz käni boýunça alnyp barylýan tutumly işler hem aýdyň mysaldyr. HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň öz çykyşyn­da nyg­taý­şy ýa­ly, 2009-njy ýyl­da açy­lan Türk­me­nis­tan — Hy­taý gaz geçirijisi häzirki wagtda üç ugruň — A, B we C ugur­la­ryň üs­ti bilen «mawy ýangyç» daşaýar. Dördünji tapgyryň özleşdirilmegi we geljekde D ugrunyň gurulmagy bu strategik hyzmatdaşlygyň täze tapgyry bolar.

Bu aýdylanlardan soň, gadymy zamanlarda üstüne ýüpek-parçadyr beýleki zerur önümler ýüklenen kerwen jaňlaryny kän diňlän Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki wagtda energetika turbalary arkaly döwrebap hem ygtybarly ýagdaýda dikeldilýändigi aňyňda janlanýar. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegi iki halkyň bagtyýar geljegine goýlan maýa goýumdyr. Bu toprakda täze şäherçäniň düýbüniň tutulmagy, köçe-ýollaryň abatlanyp, gaz turbalarynyň çekilmegi bolsa, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň öňküden-de gözelleşmeginden nyşan. Nesip bolsa, «Galkynyş» gaz kä­ni­niň dör­dün­ji tap­gy­ry Türkmenistanyň dünýäniň iri gaz döwleti hökmündäki ornuny pugtalandyryp, «mawy ýangyjyň» diňe bir türkmen we hytaý halklarynyň däl, eýsem, bütin sebitiň hyzmatynda bolmagyny üpjün eder.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti