GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Gazçylaryň döwrebap işleri
07.04.2026

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri etrabyň tebigy gazy ulanyjylaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde «Garaşsyz, baky Bitarap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­radyň mekany» ýylynyň ilkinji çärýegini üstünlikli jemlediler. Häzirki döwürde edaranyň öz işiniň ussady bolan gazçylary tarapyndan etrabyň çäginde bar bolan dürli ululykdaky we dürli basyşly gaz geçirijileriň iki müň dört ýüz ýetmiş kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa ýedi ýüz otuz dört sanysyna ýokary derejede gözegçilik edilip, bitewi gaz ulgamynyň gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işlemegi ugrunda öwgä mynasyp işler alnyp barylýar.

Ýeri gelende bellesek, demirgazyk welaýatyň iň çetki günbatar böleginde ýerleşýän bu etrap soňky ýyllarda amala aşyrylýan işleriň netijesinde gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş-ýaşaýyş infrastrukturasynyň hasabyna şäher bilen bäsleşýän mekana öwrüldi. Geçen 2025-nji ýylyň dowamynda täze gurulýan binalary gazlaşdyrmakda gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň işçi-hünärmenleri bilen bilelikde durmuşa geçiren maksatnamalaýyn işleriniň hasabyna etrapda ençeme ýaş maşgalalar tebigy gazyň eşretli hözirini görmek bagtyna eýe boldular.

— Gün­do­gar­da Kö­ne­ür­genç et­ra­by bilen araçäkleşse, günbatar tarapy Aýböwür giňişligine, taryhy Bötendag belentligine, balyklar mesgeni bolan Sarygamyş kölüne çenli uzap gidýän etrabyň käbir obalary medeni zolakdan uzakda ýerleşýändigine garamazdan, ol ýerleriniň ilaty suwuklandyrylan gaz bilen wagtly-wagtynda üpjün edilýär. Munuň özi etrabyň «Atgyrlan» düzlüginde ýerleşýän ilatly nokatlarda, «Gurbankem», «Gyşgum», «Bötendag» we «Bent» ýaly uzak örülerde maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwa ilatynda gazçylarymyza bolan çäksiz hoşallyk duýgularyny döredýär. Biz mundan beýläk hem bu ugurda alyp barýan işlerimizi eşretli zamanamyzyň belent ruhuna mahsus de­re­je­de gu­ra­rys — di­ýip, gaz ho­ja­lyk edarasynyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmeni Döwrangeldi Käbäýew aýdýar.

Gaz hojalyk edarasynyň daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjy enjamlara gözegçilik gullugynyň işçi-hünärmenleriniň iş-aladalarynyň özlerine ýetikdigine bu gullugyň ussasy, tejribeli gazçy Begenç Itjiýew bilen iş üstünde gürrüňdeş bolanymyzda aýdyň göz ýetirdik. Häzirki döwürde gullugyň bejeriji slesarlary Amannazar Garaýew, Seýitgeldi Ýerjanow, Sultanmyrat Babajanow, gaz we elektrik bilen kebşirleýjileri Baýrammammet Aşyrgylyjow hem-de Gurban Halmedow ýaly öz işiniň ussady bolan agzalarynyň birleşen tagallalary bilen etrabyň çäginde bar bolan bitewi gaz ulgamy doly güýjünde işledilip, her bir iş gününiň ýokary netijelere beslenmegi gazanylýar.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti