Türkmenistan dünýäniň energetika giňişliginde iň iri uglewodorod serişdelerine eýe bolan döwletleriň biri hökmünde özüniň baý mümkinçiliklerini ählumumy bähbitlere gönükdirýär. Ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlyk strategiýasy diňe bir milli ykdysadyýeti berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä bazarlarynyň energiýa durnuklylygyny üpjün etmäge hyzmat edýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen energiýa birikmesi baradaky Kararnama bolsa resmi Aşgabadyň bu ugurdaky tagallalarynyň halkara bileleşik tarapyndan doly goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda energiýa howpsuzlygy diňe bir ykdysady däl, eýsem, ekologiýa, tehnogen we syýasy howpsuzlygyň hem aýrylmaz bölegidir. Dünýä döwletleriniň ykdysady durnuklylygy we jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşi gönüden-göni energiýa serişdeleriniň bökdençsiz üpjünçiligine baglydyr. Şonuň üçin hem, Türkmenistan energiýa howpsuzlygyna ählumumy ykdysady ulgamyň sagdyn işlemeginiň esasy şerti hökmünde garaýar we bu ugurda iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny saklaýan köptaraplaýyn diplomatiýany öňe sürýär.
Ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň esasynda energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we durnukly halkara geçelgelerini döretmek ýörelgesi durýar. Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda deňhukuklylyk we adalatlylyk ýörelgelerine esaslanyp, täze eksport ugurlaryny açýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän iri göwremli taslamalar sebitiň ykdysady kartasyny täzeden şekillendirip, parahatçylygyň we dostlugyň ykdysady kepiline öwrülýär.
Aýratyn bellemeli zat, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy we Türkmenistan — Hytaý transmilli taslamasy dünýäniň iň wajyp energetika arteriýalarynyň hatarynda durýar. 2024-nji ýylyň sentýabrynda we 2025-nji ýylyň oktýabrynda badalga berlen täze gurluşyk tapgyrlary, şol sanda Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi we TOPH taslamasynyň Owganystan böleginiň işjeňleşdirilmegi sebitde täze ykdysady ösüşe itergi berýär. Bu taslamalar diňe bir gaz eksporty däl, eýsem, optiki-süýümli aragatnaşyk we elektrik energetikasy ulgamlaryny hem öz içine alyp, köpugurly infrastruktura meýdançasyny emele getirýär.
Pudagy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, nebit-gaz toplumyna iň täze innowasion tehnologiýalaryň we ekologik taýdan arassa çözgütleriň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwrebap energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şeýle ädimler ýurdumyzyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlik ukybyny artdyrmak bilen bir hatarda, halkara derejedäki durnuklylyga hem uly goşant goşýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň amatly geografik ýerleşişini we baý energetika kuwwatyny halkara hyzmatdaşlygyň hatyrasyna ulanýan iň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren strategik başlangyçlary geljekde hem sebitde parahatçylygy berkitmäge, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge we ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze nusgasyny kemala getirmäge gönükdiriler.







