Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşine gönükdirilen strategiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň pudaklaryny ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, şeýlede pudaklara ylymda ýetilen we oýlap tapylan täze usullary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.
Nebitgaz pudagynda nebiti öndürmek we ony gaýtadan işlemek boýunça netijeli işler geçirilýär. Ýokary tehnologiýalara eýe bolan senagat desgalary gurlup ulanylmaga berilýär. Nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ugurdaş düzümleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan we gaýtadan işleýän senagatyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, tebigy gazyň eksport ugurlaryny ösdürmek onuň esasyny düzýär. Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmek meseleleri üstünlikli çözülýär. Häzirki wagtda şu ýylda bu toplum boýunça amala aşyrylmaly işler kesgitlenilip, olary durmuşa geçirmek babatda işler üstünlikli alnyp barylýar.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti







