GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Gaýratly zähmetiň oňyn netijeleri
03.03.2026

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň tebigy känlerinden «mawy ýangyjyň» we «gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmak, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek babatda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, şeýle hem toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň hünärmenleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly atmyradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýyny ýokary netijeler bilen jemläp, şu günler has-da gaýratly zähmet çekýärler.

Konserniň düzüminde hereket edýän bu baýry müdirlik nebitgaz pudagynda iş alyp barýan dürli kärhanalaryň iň ýakyn ýardamçysydyr. Uglewodorod çig mallaryny çykaryjylar hem, burawlaýjylardyr abatlaýjylar hem öz möhüm işlerini hut şu müdirlik bilen pugta baglanyşyklylykda alyp barýarlar. Häzirki wagtda kärhananyň hünärmenleri konserniň «Nebitgazburawlaýyş», «Nebitgazçykaryş» hem-de «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestleriniň garamagyndaky müdirlikleriň buýurmalary esasynda Goturdepe, Barsagelmez, Uzynada, Nebitdag, Guýjyk, Gögerendag, Ekizak, Altyguýy, Körpeje, Günorta Gamyşlyja, Ekerem, Keýmir, Akpatlawuk ýaly nebit we gazly meýdançalarda dürli hyzmatlary amala aşyrýarlar. Bu işlerde kärhananyň Ekerem, Körpeje, Guýjyk, Goturdepe, Barsagelmez guýulary berkidiji sehleriniň hem-de «Galkynyş» we «Berkarar» sementleýji toplumlarynyň aýratyn hyzmatlary bar. Kärhanada gazanylýan zähmet üstünlikleri onuň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Şu babatda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde müdirlikde soňky ýyllarda düýpli ösüşler gazanyldy. Häzirki wagtda müdirlikde awtoulaglardyr tehnikalaryň 194-si bolup, olaryň 150-den gowragy sütünleri berkitmek işlerinde esasy orny eýeleýän kuwwatly ýöriteleşdirilen tehnikalardyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde diňe bir geçen ýylyň dowamynda bu müdirlige Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen nebit we gaz guýularyny sementleýji enjamlar toplumy bilen üpjün edilen «SHACMAN» kysymly awtoulaglaryň 30-sy gelip gowuşdy. Şonuň netijesinde bu öňdebaryjy müdirlikde geçen önümçilik ýylynda buýrujylara 65 million manatlyga derek, 103 million manatlykdan gowrak dürli hyzmatlar ýola goýuldy. Täze gazylýan, şeýle hem düýpli abatlaýyş işleri alnyp barylýan guýularda sementleme işleri geçirilen sütünleriň sany bolsa 154-e ýetirildi.

Geçen ýylda zähmet önümçiligini ep-esli ýokarlandyran müdirligiň hünärmenleri «Garaşsyz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny hem guwandyryjy netijelere besleýärler. Kärhanada şu ýylyň geçen ýanwar aýynda jemi 8,5 million manatlykdan gowrak hyzmatlar ýola goýlup, bellenilen meýilnama 154,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu döwürde berkidilen sütünleriň sany bolsa 7-ä ýetdi.

«Müdirligimiziň önümçilik toparlary nebit-gazly meýdançalarda ugrukdyryjylaryň, konduktorlaryň, aralyk we ulanyş sütünleriniň sementleme işlerini, guýulary burawlamakda we abatlaýyş işlerinde sement bilen berkidilen sütünleriň basyş astynda jebislige synag edilmegini, howa kowujy kompressorlar bilen gatlaklary synag etmek we özleşdirmek, sementiň hiline gözegçilik etmek işlerini amala aşyrýarlar. Gazanylýan zähmet üstünliklerinde müdirligimiziň halypa hünärmenleri Tirkeş Togsanowyň, Ýusup Metdäýewiň, Hajysapar Hajymämmedowyň, Ýegenmämmet Gurbanowyň aýratyn zähmet goşantlary bar» diýip, kärhananyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Azat Nyýazmeňgliýew buýsanjyny beýan edýär.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti