GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň energetika strategiýasy
24.02.2026

Eziz Watanymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Hemişelik Bitarap ýurdumyz GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde giň möçberli energetika we logistika taslamalaryny durmuşa geçirip, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti bolmak bilen, iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär.

Türkmen döwleti nebitgaz toplumyna innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyryp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ynanyşmaga, hormata we özara bähbitlere esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

Ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagyna, ykdysady kuwwatynyň, halkyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna, ruhy taýdan galkynmagyna şaýatlyk edýän wakalar bizi hemişe buýsandyrýar we täze, has uly üstünliklere ruhlandyrýar.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti